Türkmenistanyň raýatlary üçin bildiriş!

photo

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda hemişelik ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan hormatly Türkmenistanyň raýatlary.

Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy ABŞ-niň kanunlarynyň we düzgünleriniň, şol sanda migrasiýa kanunlarynyň doly berjaý edilmelidiginiň möhümdigini ýene bir gezek ýatladýar.

Şol bir wagtda, ABŞ-da bolýan her bir Türkmenistanyň raýaty aşakdaky düzgünleri ýerine ýetirmäge borçludyr:

• wizalaryň we ýaşamak üçin beýleki rugsatnamalaryň möhletlerine berk eýermeli;

• eger-de ýurtda galmak dowam etdirilýän halatynda, wizalaryň we rugsatnamalaryň möhletleri gutarmazdan ozal öz wagtynda uzaltmaly;

• migrasiýa kanunlaryna laýyklykda iş rugsatnamalaryny ýa-da beýleki degişli resminamalary almaly.

 

Migrasiýa kanunlaryny bozmak agyr netijelere getirip biler:

• jerimeler ýa-da deportasiýa, soňra bolsa ABŞ-nyň çäklerine girmäge gadagan etmek;

• uzak möhletleýin wizalary ýa-da beýleki rugsatnamalary almak mümkinçiliklerinden mahrum bolmak;

• ABŞ-nyň migrasiýa edaralary tarapyndan tussag edilmek ýa-da beýleki çäklendirmeler.

 

 

Bu agyr ýagdaýlaryň öňüni almak maksady bilen wiza, iş rugsatnamalary we beýleki kanuny ýagdaýda ýaşamak hukuklaryny tassyklaýan resminamalar bilen baglanyşykly meseleleri wagtynda çözmek möhümdir.

Şol bir wagtyň özünde Ilçihana Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasynda konsullyk hasabyna durmagyň zerurdygyny ýatladýar. Konsullyk hasabyna durmak:

•       siziň daşary ýurtda kanuny ýaşamagyňyzy tassyklaýar;

• konsullyk hyzmatlaryndan peýdalanmak işini ýeňilleşdirýär;

• adatdan daşary ýagdaýlarda hukuk we guramaçylyk kömegini almaga mümkinçilik döredýär;

• saýlawlara we beýleki resmi çärelere gatnaşmaga mümkinçilik berýär.

 

ABŞ-nyň ähli kanunlaryny we düzgünlerini, şol bir wagtyň özünde migrasiýa kanunlaryny berjaý edýändigiňiz hem-de ýokarda aýdylanlar babatynda düşünjeliligiňiz üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris.

Kanunçylygy berjaý etmek kynçylyklaryň ýüze çykmagynyň öňüni alar we konsullyk hyzmatlaryndan öz wagtynda peýdalanmagyňyza ýardam berer. Raýat jogapkärçiligini saklamak boýunça edýän tagallalaryňyz üçin hoşallyk bildirýäris!