img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ABŞ - WAŞINGTON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Waşington şäherinde Ak Tamda Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň arasynda duşuşyk geçirildi

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 29-njy maýynda Waşington şäherinde Ak tamda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ony geljekde has-da ösdürmegiň mümkinçiliklerini giň ugurlar boýunça ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler soňky döwürde ikitaraplaýyn diplomatik dialogyň işjeňleşendigini kanagatlanma bilen bellediler hem-de ýokary we iň ýokary derejelerde yzygiderli gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň ähmiýetini nygtadylar.

Söwda-ykdysady, energetika, ulag we aragatnaşyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, şol sanda energetika howpsuzlygy we energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny köpugurly etmek meseleleriniň ähmiýetini bellediler.

Duşuşykda sebit howpsuzlygy, häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek, şeýle hem «C5+1» platformasyny hem öz içine alýan köptaraplaýyn görnüşlerdäki hyzmatdaşlyk meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça konstruktiw dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.