Prezident Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi.
Amerikan Lideri öz hatynda Türkmenistanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, bu şanly senäniň çuňňur milli buýsanç duýgusyna beslenýändigini belledi. ABŞ-nyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar edendigini hem-de bu baýramyň şatlygyny paýlaşmak mümkinçiligine buýsanýandygyny aýtdy.
Donald Tramp geçen ýylyň noýabrynda Ak tamda Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçiren duşuşygyny mähir bilen ýatlady. Ol milli bähbitleri ileri tutmak meselesinde garaýyşlarynyň gabat gelýändigini belledi. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky diplomatik we ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilýändigi üçin hoşallyk bildirip, olaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Sözüniň ahyrynda ABŞ-nyň Prezidenti we onuň maşgalasy Türkmenistanyň Prezidentine hem-de tutuş türkmen halkyna iň mähirli arzuwlaryny beýan etdiler.