SOŇKY HABARLAR
Aşgabat şäherinde «Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan foruma ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň we maliýe düzümleriniň wekilleri, şeýle hem KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň esasy maksady howanyň üýtgeýän şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda sebit we ählumumy hyzmatdaşlyg...
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Pia Kaumanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Myhman «ÝHHG-nyň çäginde parlament diplomatiýasy: Dialog - abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly ikinji Aşgabat maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Aşgabada geldi. Duşuşyga gatnaşyjylar syýasy, ykdysady-ekologiýa we ynsanperwer ugurlaryň çäklerinde...
Aşgabat şäherinde «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady
2024-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan guralan bu çärä Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, dünýäniň onlarça ýurdunyň ýokary derejeli wek...
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatory bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýnsi kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ABŞ-da Bitarap Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, onuň saparynyň dowa...
Türkmenistanyň DIM-de türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Montana ştatyndan senatory, ABŞ-nyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy Stiw Deýnsiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hyzmatdaşl...
Aşgabat şäherinde möhüm energetika infrastrukturasyny goramagyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 11-12-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde bilermenler derejesinde halkara duşuşyk we Möhüm energetika infrastrukturasyny terrorçylykly hüjümlerden goramak boýunça tehniki gollanmanyň halkara derejesinde ilkinji tanyşdyryş maslahaty geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirligi (UNOCT) we Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti bilen bilelikde guraldy. Iki günläp dowam eden bu çäräniň maksady energetika infrastru...
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Energetika serişdeleri boýunça kömekçisi bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Energetika serişdeleri boýunça kömekçisi Jeffri Paýettiň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar esasan hem söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika we beýleki ugurlarda ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň konstruktiw häsiýetini bellediler. Amerikan tarapy Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagyndan bäri Türkmenistanyň howanyň ü...