SOŇKY HABARLAR
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Energetika serişdeleri boýunça kömekçisi bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Energetika serişdeleri boýunça kömekçisi Jeffri Paýettiň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar esasan hem söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika we beýleki ugurlarda ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň konstruktiw häsiýetini bellediler. Amerikan tarapy Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagyndan bäri Türkmenistanyň howanyň ü...
Türkmenistan raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça öňdebaryjy orny eýeleýär
Ynsanperwer ugur Türkmenistanyň BMG bilen alyp barýan strategiki hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi we beýleki halkara düzümleri bilen bilelikde bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek üçin degişli çäreleri amala aşyrýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli kanunçylygy BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi tarapyndan ýurtda...
BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň kömekçisi bilen Aşgabatda duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň kömekçisi Ruwendrini Menikdiwela bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň arasyndaky (UNHCR) uzak möhletleýin gatnaşyklaryň netijeliligini bellediler. Bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar baradaky BMG-niň esasy hukuk resminamalarynyň gatnaş...
Ählumumy metan borçnamasynda göz öňünde tutulan maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilen 2025–2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça «Ýol kartasy» kabul edildi
2024-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Ählumumy metan borçnamasynda göz öňünde tutulan maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilen 2025–2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça «Ýol kartasy» kabul edildi. Resminamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin çäreler toplumy işlenip düzüldi we tassyklanyldy. 2021-nji ýylyň noýabrynda geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensi...
Türkmenistan bilen Halkara pul gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow bilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) geňeşçisi, Azerbaýjan we Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen HPG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň dowa...
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Adam söwdasyna gözegçilik etmek we garşy göreşmek boýunça müdirliginiň aýratyn tabşyryklar boýunça Ilçisi Sindi Daýeriň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar halkara konwensiýalarynyň durmuşa geçirilmegi we ynsanperwer ugurda ählumumy kabul edilen kadalar bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglanyşykly...
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama kabul edildi
2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda hödürlenen «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň taslamasyna garaldy. Kararnamany hödürlän Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewa Türkmenistanyň başlangyjy esasynda öňe sürlen taslamany goldandyklary üçin BMG-niň agza döwletlerine minnetdarlygyny bildirdi we 202...