img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ABŞ - WAŞINGTON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
19 Maý

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi senator Stiw Deýns bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 19-njy maýynda ABŞ-nyň Senatynyň binasynda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew ABŞ-nyň senatory Stiw Deýns bilen duşuşyk gecirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri, şol sanda ikitaraplaýyn gepleşikler, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, energetika we sebitara baglanyşyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyg...

DOWAMY
pic
19 Maý

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýa sapary

Türkmen halkynyň Milli Lideri saparyň çäginde ir bilen Birleşen Patyşalygyň Windzor galasyna bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Windzor Patyşalyk atçylyk çykyşlarynyň guramaçylyk toparynyň ýolbaşçysy Edward Benýon we Windzoryň guramaçylyk işleri boýunça wekili Sara Ruterford-Jons mähirli garşyladylar. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Windzor galasynyň çäginde Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III bilen duşuşdy....

DOWAMY
pic
19 Maý

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Türkmen-Amerikan işewürlik geňeşiniň wekilleri bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 19-njy maýynda Waşington şäherinde Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Türkmen-Amerikan işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart, şeýle hem Geňeşe agza bolan kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ilçi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” şygary bilen baglylykda ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň ileri tutulý...

DOWAMY
pic
10 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti täze gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 8-nji maýynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Gadamly» atly täze gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek mynasybetli geçirilen dabaraly çärä gatnaşdy. ​Dabarada çykyş etmek bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny...

DOWAMY
pic
10 Maý

JORJ WAŞINGTON UNIWERSITETINIŇ MUZEÝINDE TÜRKMEN EKSPONATLARYNY HEM ÖZ IÇINE ALÝAN BEDEWLER ÜÇIN BEZEG DOKMA ÖNÜMLERI GÖRKEZILDI

2026-njy ýylyň 9-njy maýynda Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasynyň wekilleri Waşington şäherindäki Jorj Waşington uniwersitetiniň muzeýinde we Dokma muzeýinde geçirilen “Bedewleriň bezegi: kuwwatyň we abraýyň nyşany bolan bedewler üçin dokma bezeg önümleri” atly sergä, şeýle hem “Atlan” atly dokumental filmiň görkezilişine gatnaşdylar. Sergide dürli halklaryň däplerinde atyň taryhy we medeni ähmiýetini görkezýän atçylyk bezeg-dokma önümleri görkezilýär. Sergide türkmen halkynyň baý çeperçilik...

DOWAMY
pic
8 Maý

Halkara Pul Gaznasynyň baş edarasynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşine bagyşlanan çäre geçirildi

2026-njy ýylyň 7-nji maýynda Waşington şäherinde Halkara Pul Gaznasynyň baş edarasynda “Sebitleýin we ählumumy ykdysady mümkinçilikleriň çäklerinde Türkmenistanyň ykdysady ösüşi” atly çäre geçirildi. Çäre Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy bilen Halkara Pul Gaznasy tarapyndan bilelikde guraldy. Duşuşyga Türkmenistanyň we ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň, halkara maliýe institutlarynyň, işewür birleşikleriniň hem-de kompaniýalarynyň 80-den gowrak wekilleri gatnaşdylar. Mejlisi Halkara Pul Gaznas...

DOWAMY
pic
8 Maý

ABŞ-da Türkmen-amerikan işewür hyzmatdaşlyk assosiasiýasy açyldy

2026-njy ýylyň 7-nji maýynda Waşington şäherindäki “Leesburg Pike” işewürlik merkezinde Türkmen-amerikan işewür hyzmatdaşlyk birleşiginiň (TABCA) açylyş dabarasy hem-de onuň ilkinji işewürlik forumy geçirildi. Çärä transport-logistika, elektron söwda, maglumat tehnologiýalary, bilim, maslahat hyzmatlary, söwda, hyzmatlar we kiçi hem-de orta işewürligiň beýleki ugurlary boýunça işleýän 50-den gowrak türkmen we amerikan kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. TABCA-nyň wekilleri Birleşigiň m...

DOWAMY