img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ABŞ - WAŞINGTON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Iýul

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ABŞ-nyň senatory bilen duşuşygy barada

2026-njy ýylyň 9-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatory Stiw Deýns bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Söhbetdeşler Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky syýasy-diplomatik dialogyň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, dürli derejele...

DOWAMY
pic
24 Iýun

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy

2026-njy ýylyň 23-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi. Fizuli Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady. Ýolugra ýörite gurnalan ýerde hormatly Prezidentimiz we Azerbaýjanyň Prezidenti Fizuli şäherinde gurulýan binalaryň, şeýle-de Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde gurluşygy alnyp barylýan metjidi...

DOWAMY
pic
23 Iýun

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary

2026-njy ýylyň 22-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Azerbaýjanyň resmi wekiliniň arasynda söhbetdeşlik boldy. “Zagulba” köşgünde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasyny...

DOWAMY
pic
23 Iýun

Türkmenistanyň Ilçisi senator Stiw Deýns bilen duşuşyk geçirdi

2026-njy ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Ilçisi Esen Aýdogdyýew Waşington şäherinde ABŞ-nyň senatory Stiw Deýns bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmegiň, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ýakynda geçiriljek duşuşyklardyr çäreler barada pikir alyşyp, iki ýurduň arasynda yzygiderli dialogy dowam etdirmegiň...

DOWAMY
pic
21 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar

2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyzda saparda bolýan Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de onuň çäklerinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi geçirildi. Foruma ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary, dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş kompaniý...

DOWAMY
pic
21 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumynda bir gün öň Aşgabada resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimi resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Premýer-ministr Anwar Ibrahimiň Türkmenistana amala aşyrýan ilkinji saparyna iki döwleti...

DOWAMY
pic
18 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ ABŞ-DAKY ILÇIHANASYNDA FLEX MAKSATNAMASY BOÝUNÇA OKUWYNY TAMAMLAN TÜRKMEN OKUWÇYLARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2026-njy ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasynda 2025–2026-njy okuw ýylynda FLEX (Future Leaders Exchange) maksatnamasynyň çäklerinde ABŞ-nyň orta mekdeplerinde okuwyny üstünlikli tamamlap, Watanymyza dolanýan türkmen okuwçylary bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Ilçisi Esen Aýdogdyýew okuwçylary maksatnamany üstünlikli tamamlamagy bilen gutlap, olara geljekki okuwlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Ilçi bilim boýunça alyş-...

DOWAMY