RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Ýan

Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisiniň press-relizi

2024-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar.   Gün tertibine laýyklykda, Pudagara toparynyň 2023-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netije...

DOWAMY
pic
26 Ýan

“Ýaşlar howanyň üýtgemegi bilen bagly hereketler üçin: Türkmenistanda howanyň üýtgemegi boýunça hereketlere goşant goşmak ugrunda ýaşlar başlangyçlarynyň ýol kartasy” boýunça tegelek-stol maslahatynyň metbugat syny

2024-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaşlar howanyň üýtgemegi bilen bagly hereketler üçin: Türkmenistanda howanyň üýtgemegi boýunça hereketlere goşant goşmak ugrunda ýaşlar başlangyçlarynyň ýol kartasy boýunça tegelek-stol maslahaty geçirildi. Tegelek stol maslahatyna Türkmenistanda akkreditirlenen halkara guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar. Çäräniň...

DOWAMY
pic
24 Ýan

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ulag-kommunikasiýa edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklary

2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň sanly ulgam işleri boýunça ministri Taro Kono bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda sanly ulgamyň infrastrukturasyny, sanly ykdysadyýeti, maglumat howpsuzlygy, emeli aň, internet, hünärmenleriň taýýarlygy we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Taraplar sanly tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy giňe...

DOWAMY
pic
24 Ýan

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Parlamentiniň deputatlary bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Toşiaki Endonyň ýolbaşçylygyndaky ýapon deputatlary bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlyga möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar. Bu ugurda Türkmen-Ýapon parlamentara dostluk toparynyň işiniň wajypdyg...

DOWAMY
pic
23 Ýan

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen duşuşyk barada

2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoko Kamikawa bilen duşuşdy. Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde ýokary derejedäki gatnaşyklara uly orun degişlidigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dowamynda iki döwletiň Baştutanlarynyň duşuşygynyň gurnalmagynyň maksadalaýyk boljaklygy bellenildi. Şeýle-de, duşuşykda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Dialogyna gatnaşyjy döwletleriň ilkinji...

DOWAMY
pic
23 Ýan

Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen geçirilen gepleşikler

2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini berkitmäge we onuň täze ugurlaryny hem-de mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirildi. Türkmen tarapy energetika, mineral serişdeleriň özleşdirilmegi, himiýa senagaty we ulag ulgamlarynda taslamalaryň amala aşyrylmagy babatynda köpýyllyk taryha eýe bolan döwletara gatnaş...

DOWAMY
pic
23 Ýan

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Ýoşimasi Hiýaşi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň ähmiýetli ugurlaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar. Daşary işler ministri Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynd...

DOWAMY