SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanda Meksikanyň Ilçisi akkreditirlendi
2024-nji ýylyň 19-njy fewralynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hose Luis Martines Ernandesden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi öz gezeginde, ýurduň ýolbaşçysynyň adyndan hormatly Prezidentimi...
Türkmenistanyň DIM-nde Meksikanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hose Luis Martinez Ernandesden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministriň orunbasary Ilçini jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar daşary syýasat edaralarynyň arasynda aragatnaşygy ýola goýmak we DIM-ara geňeşmeleri geçi...
Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Häzirki wagtda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeldýär, esasanam Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny has-da giňeldýär. Bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge özara gyzyklanma Türkmenistan bilen BMG-nyň arasyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygynyň häsiýeti we ýurduň mundan beýläkki ösüşiniň peýdasyna kesgitlenen ähli maksatlary we wezipeleri üstünlik...
Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen çäreleriň metbugat habary
2024-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda “Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy” atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň we ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň...
Türkmenistanyň Prezidenti diplomatlary hünär baýramy bilen gutlady
Hormatly Türkmenistanyň diplomatik işgärleri! Sizi Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda Watanymyzyň halkara abraýyny we oňyn täsirini güýçlendirmek üçin döwletimiziň diplomatik gullugynyň işgärleriniň öňünde goýlan belent wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekjekdigiňize ynanýaryn. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, 2009-njy...
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) Durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Liguti bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) Durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Ligutiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ýaşyl energiýa, durnukly energiýa we metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy we öňüsyrasynda Aşgabatda geçirilen “Göni gepleşik”: Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmele...
Merkezi Aziýa döwletleriniň we ÝB-niň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň nobatdaky duşuşygyna Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy
2024-nji ýylyň 14-nji fewralynda Bişkekde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleriniň bäşinji duşuşygy geçirilýär, oňa BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Owganystana kömek bermek boýunça missiýasynyň başlygy gatnaşdy. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýolbaşçylyk etdi. Duşuşykda gatnaşyjy ýurtlaryň hünärmenleri durmuş-ykdysady we ynsanperwer ugurlar boýunça häzirki ösüş ýagdaýy, şol sanda O...