SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen Halkara hyzmatdaşlygy boýunça Ýewropa komissarynyň arasynda gepleşikler geçirildi
2025-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Halkara hyzmatdaşlygy boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikelanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan, hyzmatdaşlygyň ösmeginde esasy şert bolup d...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Euronews” teleýaýlymyna beren interwýusy
2025-nji ýylyň 6-njy martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Euronews” teleýaýlymyna beren ýörite interwýusy ýaýlyma berildi. Söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyna ygrarlydygyny tassyklady hem-de ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy wezipeleri barada gürrüň berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaý...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti hanym Antonella Bassani, bankyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory hanym Tatýana Proskurýakowa, Halkara maliýe korporasiýasynyň Merkezi Aziýa we Türkiýe boýunça sebitleýin direktory hanym Wibke Şlýomer bilen duşuşdy. Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, myhman...
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidentini kabul etdi
2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti hanym Antonella Bassanini kabul etdi. Hanym Antonella Bassani bildirilen myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Bütindünýä bankynyň Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýurtda milli maliýe-bank ulgamyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler, dürli...
Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasy bilen gatnaşyklarynyň netijelerine garaldy
2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda DIM-de Türkmenistanyň geçen ýylyň dowamynda Halkara zähmet guramasy bilen bilelikdäki işiniň netijeleri boýunça mejlis geçirildi. Duşuşyga degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň, Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň, şeýle hem welaýat häkimlikleriň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Halkara zähmet guramasynyň wekiliýetine Baş direktoryň kömekçisi, Sebitleýin direktor Beata Andres ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň işine gatnaşyjylar «2024-2025-nji...
BMG-niň ştab-kwartirasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga bermek dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň mejlisler zalynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga bermek dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan guralan bu çärä BMG-niň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekili öz çykyşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini nygtady. Şu ýyl ýurdumyz 1995-nji we 2015-nji ýyllarda BMG-niň Ba...
Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň KONSEPSIÝASY
Soňky ýyllarda bolup geçen tendensiýalar we wakalar halkara we döwletara gatnaşyklarynda çynlakaý üýtgeşmelere, ählumumy we sebit gapma-garşylyklarynyň ýitileşmegine hem-de ýer togalagynyň dürli künjeklerinde dawa-jenjelleriň ýüze çykmagyna şaýatlyk edýär. Bu hadysalaryň sebäpleri we netijeleri dürli-dürli bolup durýar, ýöne halkara syýasatynyň häzirki ýagdaýyny kesgitleýän häsiýet dünýäniň gurluşynyň şu ýa-da beýleki görnüşiniň dogrudygy baradaky garaýyşlarda we düşünjelerde ynanyşmak ýagdaý...