RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Apr

Türkmenistanda Kolumbiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kolumbiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ektor Isidro Arenas Neýradan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmensiatnyň Prezidentiniň adyndan Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda gatnaşyklary ösdürmek boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hoşniýetli...

DOWAMY
pic
26 Apr

Türkmenistanyň wekiliýeti “Parahatçylyga, uruşlaryň bes edilmegine we halkara hukugyna hormat goýmaga çagyryş” başlangyjyna badalga bermek boýunça çärä gatnaşdy

2025-nji ýylyň 25-26-njy aprelinde Ispaniýa Patyşalygyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Gernika şäherinde geçirilen “Parahatçylyga, uruşlaryň bes edilmegine we halkara hukugyna hormat goýmaga çagyryş” başlangyjyna badalga bermek boýunça çärä gatnaşdy. Çärä döwlet işgärleri, halkara guramalaryň wekilleri, ýaş liderler hem-de akademiki toparlaryň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylar çäräniň parahat...

DOWAMY
pic
23 Apr

Aşgabatda ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan forum geçirildi

2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamasy esasynda yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan “ÝHHG – Parahatçylyga we ynanyşmaga gönükdirilen ählumumy howpsuzlyk boýunça borçnamalaryň 50 ýyllygy” atly forum geçirildi. Çäre ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde guraldy. Foruma ýu...

DOWAMY
pic
23 Mar

BMG-niň Baş Assambleýasy “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly kararnamany biragyzdan kabul etdi

2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde “Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy goramak” gün tertibiniň 61-nji bendi bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly kararnama biragyzdan kabul edildi. Kararnamany hödürlemek bilen, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy we ýurdumyzyň deňagramly parahatçylyk taglymatyny halkara giňiş...

DOWAMY
pic
21 Mar

Aşgabatda ABŞ-nyň Ilçisi bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meseleleri maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 20-nji martynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda gaznanyň alyp barýan işleriniň halkara gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýeti bellenildi. Duşuşykda O.Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Ho...

DOWAMY
pic
13 Mar

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissaryny kabul etdi

2025-nji ýylyň 12-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikelany kabul etdi. Ýewropa komissary wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini nygtady. Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa komissaryny mähirli mübärekläp, myhmanyň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň dowamynda ýokary derejeli duşuşyklaryň geçiriljekdig...

DOWAMY
pic
13 Mar

Türkmenistan adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça işleri ilerletmegi maksat edinýär

2025-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň DIM-de şu ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025–2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Çärä Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça pudagara toparynyň agzalary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýol...

DOWAMY