img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ABŞ - WAŞINGTON
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
6 Maý

Türkmenistanyň işewürler wekiliýeti «SelectUSA 2026» maýa goýum sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň işewürlerden ybarat wekiliýeti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolup, "SelectUSA 2026" maýa goýum sammitiniň işine gatnaşdy. Çäräniň çäklerinde türkmen telekeçileri amerikan kompaniýalarynyň wekilleri hem-de maýa goýujylary bilen duşuşyklary geçirdiler. Bu halkara forumyna Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçisi hem gatnaşdy. Sammitiň çäklerinde umumy mejlis, sergi, maýa goýum mümkinçilikleri, öňdebaryjy tehnologiýalar we senagat önümçiligi ýaly möhüm ugurlar boýunça bilerm...

DOWAMY
pic
1 Maý

ABŞ-nyň Döwlet departamentinde Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Pol Kapur bilen duşuşyk geçirdi

2026-njy ýylyň 1-nji maýynda ABŞ-nyň Döwlet departamentinde Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi E.Aýdogdyýew bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Pol Kapuryň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösüş depgini kanagatlanma bilen bellenilip, yzygi...

DOWAMY
pic
23 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde, günüň ikinji ýarymynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.  “Akorda” köşgünde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystanyň Prezidenti mähirli garşylady. Wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikdäki surata düşmek dabarasyndan soňra, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Prezide...

DOWAMY
pic
22 Apr

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Halkara pul gaznasynyň binasynda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen Gaznanyň Ýerine ýetiriji direktory Patryk Ložewskiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara pul gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ösüş ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Esasy üns degişli milli edaralar bilen utgaşykly hyzmatdaşlygy berkitmä...

DOWAMY
pic
17 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda saparda bolýan Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi. Din Sýuesýan hytaý wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, HHR-de Türkmenistan bilen ýola goýla...

DOWAMY
pic
14 Apr

Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen gepleşikler geçirdi

Awstriýa saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen gepleşikler geçirdi. Duşuşygyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Awstriýanyň Federal Prezidenti iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşdüler. Dostlukly ýurduň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanyny ýene bir gezek mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip gelendig...

DOWAMY
pic
9 Apr

Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2026-njy ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Aýdogdyýew Waşington şäherinde ýerleşýän “Bler Haus” Prezidentiň myhmanhanasynda geçirilen resmi dabarada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet protokolynyň başlygy Monika Kraula ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Çärä ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekilleri, şol sanda Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary jenap Jon Pommershaým gatnaşdy. Dabaradan soň amerikan...

DOWAMY