SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde, günüň ikinji ýarymynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. “Akorda” köşgünde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystanyň Prezidenti mähirli garşylady. Wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikdäki surata düşmek dabarasyndan soňra, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Prezide...
Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Halkara pul gaznasynyň binasynda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen Gaznanyň Ýerine ýetiriji direktory Patryk Ložewskiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara pul gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ösüş ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Esasy üns degişli milli edaralar bilen utgaşykly hyzmatdaşlygy berkitmä...
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda saparda bolýan Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi. Din Sýuesýan hytaý wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, HHR-de Türkmenistan bilen ýola goýla...
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen gepleşikler geçirdi
Awstriýa saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen gepleşikler geçirdi. Duşuşygyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Awstriýanyň Federal Prezidenti iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşdüler. Dostlukly ýurduň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanyny ýene bir gezek mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip gelendig...
Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2026-njy ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Aýdogdyýew Waşington şäherinde ýerleşýän “Bler Haus” Prezidentiň myhmanhanasynda geçirilen resmi dabarada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet protokolynyň başlygy Monika Kraula ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Çärä ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekilleri, şol sanda Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary jenap Jon Pommershaým gatnaşdy. Dabaradan soň amerikan...
Türkmenistan Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentiniň ikinji duşuşygyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Nökerguly Atagulyýew Baku şäherinde geçirilen Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentiniň ikinji duşuşygyna gatnaşdy. Çärä Guramanyň agza döwletleriniň we synçy ýurtlarynyň hökümet Baştutanlary we wise-prezidenti, ýokary derejeli wekilleri, şeýle hem halkara düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, ykdysad...
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-niň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler dürli derejelerde yzygiderli we mazmunly gepleşikleri alyp barmagyň möhümdigini nygtadylar...